logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde täze merkezler gurulýar
  13.04.2024
645
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde täze merkezler gurulýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde belent sarpa eýe bolup, ady dünýä dolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:

«Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun,

Hassalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun» —

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady nusgalyk derejede berkidildi. Dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp, işe girizilen döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, şypahanalaryň, anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň sany barmak büküp sanardan has köpdür.

 

Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de raýatlaryň bu ulgamyň çygryndaky hukuklaryny kepillendirmek boýunça esasy döwlet resminamasy bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar. 

 

Döwrebap özgertmeler, gazanylýan ösüşler oňyn netijelerini berýär. Täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär. Alnyp barylýan işleriň hatarynda döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň halka hyzmat etmegi babatdaky döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwrebap lukmançylyk enjamlary, barlaghanalar we beýleki zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralary keselleri wagtynda anyklamakda, bejeriş-öňüni alyş işlerini amala aşyrmakda, amaly, ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmekde öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyklaryna badalga berildi. Munuň özi Diýarymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna berilýän ägirt uly ünsüň nobatdaky subutnamasydyr.

 

 

Sähetbike ÖWEZOWA,

 

Myrat Garryýew adyndaky 

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk 

uniwersitetiniň mugallymy.