logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Saglyk oty (Валериана снеголюбивая)
  09.03.2021
2572
Saglyk oty (Валериана снеголюбивая)

     Ösümlik dünýäsi ilkinji “Tebigy dermanhana” bolanlygy üçin biziň ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri bu dermanlyk ösümliklerden melhem hem-de merhemleri taýýarlamagy başarypdyrlar. Şol dermanlyk otlarynyň biri hem saglyk otudyr. Bu dermanlyk ösümlik barada Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ylmy ensiklopedik kitaplarynyň 3-nji we 8-nji tomlarynda giňişleýin beýan edilýär. Ol daglaryň çygly derelerinde gyrymsy agaçlaryň töwereginde, çürüntgili toprakly ýerlerde duş gelýär (Köýten dagynda, merkezi Köpetdagyň Gähel jülgesinde we Kelete çaýynyň boýunda).  Bu seýrek duş gelýän dermanlyk ösümliginiň Bäherden etrabynyň Kelete we Döwgala obalarynyň deňinde dag eteklerinde hem ösüp ýetişýändigi dogrusynda bellemek zerurdyr.

Saglyk oty otjumak ösümlikleriň Walerianlar maşgalasyna degişli bolup  uzynlygy 0.4-0.5 metre ýetýän ösümlikdir. Dermanlyk maksatlary üçin saglyk otunyň köki we baldagy ulanylýar. Onuň düzüminde efir ýagy, organiki turşulyklar, şeker, walerin woltrat, digidrowaltrat, iri doytler, fenolkarbon turşusy, flawonoitler saklanýar.

Bu dermanlyk otunyň adam saglygyna peýdaly häsiýetleri: esasan ruhy keseller bilen baglanşykly, ukusyzlykda, beýni we ýürek damarlary giňeldiji, aşgazan içege näsazlyklaryny bejermekde giňden ulanylýar.