logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /SÄHRA GÜLLERINE KYBAP KEŞDELER
  27.02.2023
1186
SÄHRA GÜLLERINE KYBAP KEŞDELER

Tebigatyň gözelliklerini, sähra güllerini, zenan mähremligini, ene hamraklygyny, gyz-gelin mylaýymlygyny özünde jemleýän ajaýyp sungat hem keşdeçilik sungatydyr. Gadymy el hünärleriniň biri bolan keşdeler milli lybaslarymyzyň bezegidir, çeper döredijiligiň gaýtalanmajak nusgasydyr. Bu özboluşly sungaty kesp-kär edinen zenanlar, gelin-gyzlar bu inçe sungaty has hem ösdürmek we kämilleşdirmek babatda yhlas edýärler. Döredijilikli gözlegleriň, yhlasly zähmetiň miwe bermegi bilen nagyşlar syrly dünýäsi çözlenýär. Keşdeçilik sungaty ene-mamalarymyzdan bize miras galan, gymmatly sungat bolup, ol halkymyzyň ruhy baýlygy, milliligiň ajaýyp sazlaşygydyr. Asyrlaryň dowamynda barha kämilleşip, sünnälenip, hünärden sungata öwrülen bu inçe hem nepis sungat özüniň gözelligi, köpöwüşginliligi bilen dünýäni haýrana goýýar. Keşde türkmen gelin-gyzlarynyň ruhy dünýäsiniň çeper beýanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gadymy sungatyň naýbaşy nusgalary nesilden-nesle geçip, dowam edýär. Bu sungatyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy hem onuň dünýä derejesinde ykrar edilendigine şaýatlyk edýär. Türkmen milli keşdeçilik sungatynyň taryhy kökleri asyrlara uzamak bilen, kürtedir çyrpylar, tahýalar, çabytlar we milli lybaslarymyzyň beýleki görnüşlerini bezeýän keşdedir nagyşlar keşdeçilik sungatynyň özenidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen milli gymmatlyklaryny öwrenmek we olaryň taryhy ähmiýetini dünýä derejesinde ýaýmak boýunça möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigi halkymyzy diýseň buýsandyrýar. Halkymyzyň baý mirasynyň naýbaşy nusgalaryny öwrenmekde we gorap saklamakda, türkmen keşdeçilik sungatyny dünýä ýaýmakda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Leýli DÄDEBAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.