Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Şährihaýbar ýadygärligi
  21.09.2021
387
Şährihaýbar ýadygärligi

Türkmenistan döwletimiziň çäginde ýerleşýän  asyrlaryň jümüşinden öz gözbaşyny alyp gaýydýan gadymy taryhy ýadygärlikleriniň sany sanardan kän. Şeýle ýadygärlikleriň biride Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Şährihaýbar ýadygärligidir. Bu ýadygärlik  V-VII, XI-XII, XVI-XVIII-nji asyrlary öz içine alyp,  Gökdepe şäherinden 10 kilometr demirgazykda, “Gökdepe” daýhan birleşiginiň demirgazyk  çetinde ýerleşýär.Ýadygärligiň günorta tarapyny daýhan birleşiginiň ýaşaýyş jaýlary, gündogar tarapyny oba gonamçylygy, demirgazyk we günbatar taraplaryny bolsa, ekin meýdanlary gurşap alýar.Ýadygärlik üç bölekden ýbarat bolup, onuň içki galasynyň beýikligi 10-11 metr,  diametri 60-70 metre barabar bolan tegelek görnüşli depedir. Depäniň üsti belli bir derejede tekiz bolup, diňe günbatar tarapy azda-kände peselýär. Depäniň ähli tarapynyň eňňitleri  hem belli bir derejede kert  bolup, diňe günbatar tarapy birneme ýapgytlygy emele getirýär we depäniň çygryndan has giňäp gidýär. Şeýlelikde, onuň üstüniň meýdany 0,4 gektar, düýbüniňki  bolsa 1 gektar töweregi bolup durýar. Ýadygärligiň şähristany hem gala diwarlary bilen berkidilip, ol depäniň ähli tarapyny gurşap alýar. Şähristanyň tutýan meýdany 9 gektara golaý bolup, depe onuň merkezinde ýerleşýär. Depäniň üstünden synlanyňda, şähristanyň gala diwarlary töwerek gurluşly ýaly bolup görünse-de, ol hakykatda köpburçluk görnüşinde gurlupdyr. Gala diwarlarynyň beýikligi demirgazyk we gündogar taraplarynda 2-3 metr, günorta-günbatar tarapynda bolsa, 3-4 metre ýetýär. Gala diwarynyň günbatar böleginde ini 30 metr töweregi peslik bolup, megerem, ol ýerde şäheriň esasy derwezesi ýerleşen bolmagy ahmal. Mundan başga-da, galanyň kiçiräk girelgeleriniň yzlary demirgazyk, gündogar we günorta taraplarynda mese-mälim görünýär. Galanyň dört burçunda goranyş diňleriniň sudury saklanyp galypdyr. Bu ýadygärlikde ylmy barlaglaryň netijesinde birnäçe tapyndylar tapylýar. Şol tapyndylar essynda Orta asyrlara degişli şäherçe bolup, binagärlik desgalary, keramika önümleri, senetçilik bilen baglanşykly tapyndylar tapylyp, alymlaryň tapyndylar esasynda çaklamalaryna görä taryhy döwre, ýagny ösen Orta asyrlara degişli bolup, esasan IX-XIII asyrlar bilen senlenýär. Arheologik tapyndylar we gazuw işleriniň netijeleri şäherde ýaşaýşyň XIII asyra cenli dowam edendigine şaýatlyk edýär.