logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Culture /Şähryslam
  27.01.2020
1319
Şähryslam

        “Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” kabul edimegi, ýurdumyzda medeni mirasy, milli däp-dessurlary, maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde, gorap saklamakda uly aladalar edilýändigine şaýatlyk edýär. Şolar ýaly gazuw agtaryş işleriniň geçirilýän ýerleriniň biride, Bäherden şäherinden 20 km demirgazykda ýerleşýän “Şähryslam” orta asyr Täk Ýazyr galasynyň galyndylary bolup, şäheriň umumy tutýan meýdany 100 gekdardan gowrak “Şähryslamda” alnyp barylan arheologik barlaglar şäheriň ilatynyň diňe bir çarwa halklaryň medeniýetiniň däl, eýsem, şäher medeniýetiniň ösüşinde hem saldamly goşantlarynyň bolandygyny ykrar edýär. Häzire çenli saklanyp galan gala diwarlary, gorag maksady bilen gurlan diňleriň köplügi şäherlileriň ýurduň goragyna uly üns berendiklerini aýan edýär. Şäheriň ähli künjegi ýaşaýyş jaýlary bilen gurşalyp, olar birek-biregine degişip diýen ýaly ýerleşýärler. 11-12-nji asyrlarda şäheriň ilaty dagdan gaýralygyna, çenli uzynlygy 20 kilometrden gowrak bişen kerpiçden suw geçiriji çekipdirler.

       Ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini we türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini öwrenmekde orta asyr ýazuw çeşmeleri ähmiýetli orun eýeleýär. Munuň şeýledigine “Şähryslam” baradaky maglumatlaryň mysalynda doly göz ýetirmek bolýar.