logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Culture /Şähryslam ýadygärligi
  28.01.2022
1204
Şähryslam ýadygärligi

Gadymy ýadygärlikleriň biri bolan öz gözbaşyny müňýyllylaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Ahal welaýatynyň Bäherden  etrabynyň çäginde ýerleşýän Şähryslam ýadygärligidir. Bu ýadygärlik IX-XIV-asyrlary öz içine alyp, Bäherden etrap merkezinden  20 km  demirgazyk-günbatar tarapda ýerleşýär. Ýadygärligiň tutýan umumy meýdany 100 gektara barabardyr. Bu ýadygärlik taryhda baý şäher  bolup, häzirki wagtda depeler görnüşinde saklanyp galypdyr. Ýadygärlik  XX asyryň 50-nji ýyllarynda  alnyp barylan gazuw işleriň netijesinde, ylmy taryhy maglumatlara görä Şähryslam ýadygärliginiň orta asyrlarda  ýörgünli ady Täk ýazyr, Täk gala diýlip atlandyrylypdyr. Şähryslam şäheri gysga wagtda şeýle gülläp ösüşlere ýetmegine onuň Horezim bilen Horasany birleşdirýän kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşmegi hem uly täsir edipdir. Şähryslam şäheriniň daşky uly galasynyň goranyş diwary 40-dan gowrak diň bilen berkidilipdir. Şäheriň iki sany derwezesi we merkezi böleginde iki sany içki galasy bolupdyr. Bu iki galada gazuw-agtaryş işlerini geçiren alymlaryň pikirine görä olarda hökümdarlaryň ýakyn adamlarynyň goşunbaşylarynyň kethudalarynyň şeýle hem olaryň maşgalalarynyň ýaşan  bolmagy mümkindir. Bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde daşky we içki galalaryň aralygynda ýerleşen şäher ilatynyň ýaşaýyş jaýlarynyň yzlary ýüze çykarylypdyr. Şäher ilatynyň ýaşaýyş jaýlary binagärlik taýdan örän oýlanyşykly gurulypdyr. Jaýlaryň ýerasty bölegi-binýady ýokary hilli toýundan bişirilen kerpiçlerden gurlupdyr. Jaýlaryň astyndan ýokarky diwarlara çenli bişen kerpiçden örülen ýerzemin edilipdir. Şol ýerzminleriň tomsuna we gyşyna gök önümleri, et we ýag iýmitlerini saklamak üçin peýdalanylan bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar. Ol ýerden birnäçe tapyndylar tapylýar. Keramikadan edilen suw desgalary we küýze önümleriniň birnaçe görnüşleri tapylýar. Olar syrçaly hem-de syrçasyz gazma nagyşly görnüşinde öndiripdirler. Şeýle hem 2017-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri tarapyndan  möwsümleýin  ylmy gazuw barlag işleri alnyp barylýar. Şol ylmy gazuw barlaglaryň netijesinde kerwensaraý, tegelek we göniburuçly uly howdanlar sardobalar, binagärlik galyndylary, keramika önümleri hem-de dokmaçylyk, senetçilik bilen baglanşykly gurallar ýüze çykaryldy. Şol tapyndylar esasynda berilýan maglumatlar Şähryslam gülläp ösen şäherdigi maglumat berilýär.