logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /Şahyr Gurbannazar Ezizowyň 80-ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çäre
  01.03.2020
1171
Şahyr Gurbannazar Ezizowyň 80-ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çäre

       2020-nji ýyl “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda şeýle-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25-ýyllygynyň belleniljek ýylynda Bahar paslynyň ilkinji gününde türkmen edebiýatynyň görnükli şahslarynyň biri Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gurbannazar Ezizowyň 80-ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 23-nji orta mekdebinde  dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrow, Türkmenistanyň halk artisti Kakadurdy Täjimow, Gökdepe şäheriniň ýaşaýjysy şahyr Öwezdurdy Tejenow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky çagalar mekdep internatynyň mugallymy Ýazgylyç Aşyrow, şahyr G.Ezizowyň goşgularyny halaýan okyjylar Akmyrat Tagangylyjow, Ýazdurdy Babaýew, etrabyň ýaşuly ýaşaýjylary we birnäçe bilim  hem-de medeniýet sungat işgärleri gatnaşdylar.   

         Geçirilen çärede halkyň söýgüsini gazanan şahyr Gurbannazar Ezizowyň ýaşlyk ýyllary, onuň döredijilik işleri, gyzykly goşgulary barada etrabyň medeniýet we bilim işgärleri tarapyndan çykyşlar edildi.

         Şeýle-de çärede etrabyň medeniýet işgärleri tarapyndan G.Ezizowyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirildi.