logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Poetry /«Şahyrym»
  30.03.2024
829
«Şahyrym»

Türkmeniň başyny bir supra jemläp,

Akmagy terbiýeläp, keseli emläp,

Geçmişi geljegi öňünden aňlap,

Dogany gardaşy yzlan şahyrym.


 

Şygryýet ummanyn ýüzüp geçensiň,

Öz gamyň özüňe ezip içensiň,

Geljegi, geçmişi düzüp geçensiň,

Pähim-parasatly dana şahyrym.


 

Şahyra ussat sen, şaga mekdep sen,

Namardy ýazgaryp, gerçek goldar sen, 

Meýdanda daýhan sen, bagda bagban sen,

Il-güne hemaýat bolan şahyrym.


 

Şygryýet meýdanyň oragyn oran,

Meňliniň gollaryn arzuwlap ýören,

Zelili şahyra howandar bolan,

Yşkyň derýasynda ýüzen şahyrym.


 

Kalbyňda arzuwdyr hyýal beslänsiň,

Berkarar döwleti mydam yzlansyň,

Agzybir türkmeniň ýurdyn islänsiň,

Paýhasyň ummany bolan şahyrym.

   

Täzegül HOJAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.