logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat
  12.07.2022
6503
Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Adamzat swilizasiýasynyň irki döwürlerinden bäri dowam etdirilýän birnäçe däp-dessurlar, edim-gylymlar bar. Şolaryň biri-de salamlaşmak edebidir. Salamlaşmak – bu birek-birege saglyk arzuw etmekdir. Salamlaşmak hormat-sylagdan nyşandyr. Ol edep-ekramyň baş görkezijisidir, salam – edepliligiň, adamkärçiligiň ýaranydyr. Türkmençilikde salamlaşmagyň hem özboluşly edebi bar. Bizde kiçiniň ula salam bermekligi ezeldendir. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz bu özboluşly sungaty biziň günlerimize sünnäläp getirmek bilen, nesil dowamatyna salamlaşmak edebini çagalykdan başlap aňyna guýupdyrlar. “Salama Taňry salamy, myhmana Taňry myhmany” diýilmegi-de ýönelige däl. Çünki salam hem, myhman hem Taňrynyň adyndandyr.  Adamkärçilik hem salamdan başlanýar, salam bermeýän adamlar tekepbir, ulumsy hasaplanylýar, tekepbiri bolsa Taňry hem söýmezmiş.

Salamlaşmak edebiniň dünýä ýüzünde hem özboluşly dessurlary bar. Şeýle dessurlar dürli milletlerde dürli hili hereketler arkaly ýerine ýetirilýär. Muňa mysal hökmünde, käbir halklaryň salamlaşmak däplerine ýüzlenip göreliň:

Saud Arabystan patyşalygynda öý eýesi çep elini myhmanyň egnine goýup, mähirli salamlaşýar.

Kongo respublikasynda salamlaşylanda bir-biregiň elini gysman, iki ellerini öňe uzadyp salam berýärler.

Täze Zelandiýanyň aborigenleri bir-biri bilen duşuşanlarynda uly ses bilen gygyryp, bir-birini bagryna basýarlar, soňra dyzyny epip, ellerini döşüne goýýarlar.

Ýapon, hytaý we koreý halklary birek-birege baş egmek arkaly hormat bilen salam berýärler, bu ýagdaýda hereketiň haýal bolmagy möhümdir.

Tibetliler sag eli bilen başgabyny çykaryp, çep elini gulagynyň üstünde goýup, agzyny ýapýarlar.

Türki halklarynyň köpüsinde, salamlaşylanda hormat-sylagyň nyşany hökmünde iki el gysyşyp salamlaşylýar.

Heňňamlar aýlanyp, döwürler geçse-de, belent adamkärçilikden nyşan bolan salamlaşmak edebi haýsy milletdigine garamazdan mydama hormaty, sylagy alamatlandyryp gelýär. Bize bolsa bu özboluşly sungaty ýagşylyklar bilen baýlaşdyryp, berjaý edäýmek galýar!

Oguljeren Hudaýnazarowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby