logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Şaly arassalaýjy kärhanada ýokary hilli tüwi önümçiligi ýola goýulýar
  29.12.2022
1010
Şaly arassalaýjy kärhanada ýokary hilli tüwi önümçiligi ýola goýulýar

Kerki şäherinde gurlan täze şaly arassalaýjy kärhanasynda Kerki we Halaç etraplaryndan ýygnalan hasyldan ýokary hilli tüwiniň öndürilmegi ýola goýulýar.

Toplumyň gurluşygyndaky esasy işler tamamlandy. Kärhanada kompýuter tehnologiýalary ulanylyp, şalyny netijeli arassalamak we sortlara bölmek üçin öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň enjamlary enjamlaşdyrylýar.

Daşky gurşawa zyýansyz ýörelge boýunça taslamasy ýerine ýetirilen kärhanada indiki ýyldan başlap 2 müň gektara golaý meýdanda ösdürilip ýetişdiriljek şalynyň täze sortlaryny arassalamak meýilleşdirilýär.