Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /ŞALY WE TÜWINIŇ ÄHMIÝETI
  26.04.2022
844
ŞALY WE TÜWINIŇ ÄHMIÝETI

Ýe­re bol suw yzy­gi­der­li goý­be­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän dä­ne­li eki­ne şa­ly diýilip atlandyrylýar. Ösdürilip ýetişdirilýän eki­niň da­şy­nyň aras­sa­lan­ma­gy bi­len alyn­ýan dä­nä bolsa tü­wi di­ýil­ýär. Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän şa­ly Hy­taý, Hin­dis­tan, Bang­la­deş, In­do­ne­zi­ýa, Tai­land ýa­ly ýurt­laryn­da hem köp ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Dünýä boýunça her ýyl­da or­ta­ça 500 mil­li­on ton­nadan gowrak tü­wi ön­dü­ril­ýär. Tüwi, esasanam gündogar halklarynyň arasynda giňişleýin ýaýran dünýäde iň meşhur däneli ekinleriň biridir. Millionlarça ynsanyň esasy iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär. Köp ýurtda şaly ekiljek meýdanlary suw bilen doldurylýar soňra olary hasyl ýygnamagyň öňüsyrasynda guradýarlar.

Ösümligiň boýy ortaça bir ýarym metre çenli ösýär. Alymlaryň pikiriçe şaly adamzadyň dörän gününden bäri ösdürilip gelinýändigini aýdýarlar Şalynyň esasynda alynýan tüwiden krahmal hem öndürilýär. Tüwiniň uny käbir poroşoklarda duş gelýär. Şalynyň samany bolsa, kagyz we kardon önümçiliginde giňden ulanylýar.

Tüwiniň düzüminde 70 göterim uglewod saklanýar. Dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragynyň iýmit sanawynda tüwi öz ornuny alyp gelýär. Häzirki wagtda 4 seksiýa bölünen tüwiniň 18 görnüşi bar. Dünýä boýunça tüwi öndürýän ilkinji 3 ýurt –  Hytaý, Hindistan we Indoneziýa hasaplanýar. Şalynyň baldagy  sary, tohumlary bolsa ak reňkde bolýar. Dünýä boýunça her 6 adamdan biri şaly ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly zähmetde işleýär. 100 g tüwide diňe 82 kilokaloriýa bolup, ony horlanmak isleýän adamlara iýmek maslahat berilýär. Dünýä bazaryndaky tüwiniň ortaça dolanyşygy 20 milliard dollardan gowrak diýlip çaklanylýar.

Mähri TAGANGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.