logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Sambony esaslandyryjylaryň Kubogynda türkmen türgenleri 4 medala eýe boldular
  23.03.2024
602
Sambony esaslandyryjylaryň Kubogynda türkmen türgenleri 4 medala eýe boldular

22-nji martda Moskwanyň halkara sambo merkezinde her ýyllyk asylly däbe öwrülen ýaryş — Sambony esaslandyryjylaryň Kubogy badalga aldy. Ýaryşa 13 döwletden 250-den gowrak türgeniň gatanaşandygyny bellemek gerek. Bu ýerde Türkmenistandan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Germaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Mongoliýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Koreýa Respublikasyndan hem-de ýaryşyň ýer eýesi bolan Russiýa Federasiýasyndan iň güýçli türgenler düşekçä çykdylar.

 

Samboçylar medallar toplumynyň 21-si (erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 7 hem-de söweş sambosyndan 7 agramda) ugrunda ýiti göreşe girdiler.

 

Birinji ýaryş gününde türkmen türgenleri sport sambosyndan dört medal gazanmagy başardylar. Şolaryň biri altyn, ikisi kümüş, ýene biri bolsa bürünç medallardyr. Jemal Awlýakulyýewa 65 kg çenli agram derejesinde altyn medal gazandy. Kümüş medallara bolsa Nyýazmyrat Babekow (64 kg) hem-de Nedir Allaberdiýew (79 kg) eýe çykdy. Saodat Işmuradow 80 kilograma çenli agram derejede hormat münberiniň üçünji basgançagynda ornaşdy.

 

Eziz SAPAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.