logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Şan-şöhraty dünýä dolan Aşgabat!
  24.05.2023
865
Şan-şöhraty dünýä dolan Aşgabat!

Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň durmuşynda her bir taslama işlenip taýýarlanylanda, durmuşa geçirilende ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryndan ugur almagy talap edýän döwlet Baştutanymyz ak şäherimizi gür baglyga büremek, ähli köçeleriň ugurlaryny al-elwan güllere, dürli pürli agaçlara beslemek barada yzygiderli tagalla edýär. Geçen gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda döredilýän täsin seýilgähler, gök zolaklar, gür tokaýlar, umuman, tebigatyň baý, täsin dünýäsi biziň her birimizi döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.

Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz ösüşiniň täze döwrüni başdan geçirýär. Ak mermerli paýtagtymyz örän gysga döwrüň içinde üçünji müňýyllygyň ajaýyp şäherine öwrüldi. Aşgabadyň özboluşly binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilmegi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysaly bolup durýar.

Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini gün-günden berkidip, dürli pudaklarda halkara gatnaşyklarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. 2007-nji ýylda gözel paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredilip, onuň ştab-kwartirasy edilip, Aşgabat bellenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen her ýylyň 25-nji maýy «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edildi. Bu baýram indi şatlyga-şowhuna beslenip, uludan toýlanylýar. Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäde halkara çäreleriniň, forumlaryň, sergileriň geçirilýän, durnukly ösýän şäherleriň hatarynda tanalýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna, halka edilýän durmuş hyzmatlarynyň elýeterli we ýokary hilli bolmagyna şert döredýär. 

 

Bagtyýar AŞYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.