Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Sandykly baba kümmeti
  28.02.2020
1215
Sandykly baba kümmeti

       Gürrüň berişlerine görä, bu waka XIX asyryň ikinji ýarymynda bolup geçipdir. Kakaetrabynyň Onbegi obasyndan Hojamuhammet çopan Peşdagyň (Abiwerdiň) töwereginde goýun bakýar eken. Ol bir gün ýaz aýlary galanyň etegindäki depejikleriň biriniň alkymynda goş ýazdyrypdyr. Çopan dowarlary oýa sürüp, özem depejigiň üstünde ýatmakçy bolupdyr. Ýaňy uka giden çopanyň düýşüne ak eginbaşly bir garry baba giripdir. Çopan garry  babanyň sesini aýyl-saýyl eşdipdir: «Sen, ogul, beýdip meniň üstümde ýatma-da tur! Eliňden gelse, üstümdäki gumy aýyr!» Aýdyşlaryna görä, çopan şol ýerde üç sapar yzly-yzyna şeýle oraşan düýş görüpdir. Ol oba gelip, öz ýakyn hossarlaryna bolan ýagdaýy aýdypdyr. Dogan-garyndaşlary üýşüp gelip, depejigi usullyk bilen gazypdyrlar, gumy bir ýana aýrylan depäniň aşagyndan, hakykatdanam, örän üýtgeşik, sandyga meňzeş nepis nagyşly mazar daşy çykypdyr. Şondan soň bu mazaryň üstüne Peştagly adamlar gümmez gurupdyrlar. Öwlüýäniň ady-da Sandyklybaba bolup galypdyr. Oňa oba adamlary «Seýit Miregiň mazary» diýýärler. Kämillige ýeten ussanyň daşy ýonup, bezäp sungat eseri derejesine ýetirendigine şek-şübhe ýokdur. Sebäbi şol döwrüň şu ugurdan bitirilen işleriniň iň seýrek duş gelýän gözel nusgalarynyň biri şu ajaýyplykdyr. Orta asyr Abiwerdiň iň hormatlanýan adamlarynyň biriniň hatyrasyna döredilen bu mazarüsti daşdaky içine gül çemeni salnan güldanyň şekili, ösümlik nagyşlary bilen bir ulgama düzülip gidýän arap hatlary aklyňy haýran edýär. Bu daşdaky oýulyp ýazylan ýazgylary 1927-nji ýylda belli gündogarşynas, taryhçy alym A.A.Semýonow okapdyr we rus diline terjime edipdir. Eýranly alym, doktor Gulamhüseýin Gulamhüseýinzade bu ýazgylary okap, rus alymy A.A.Semýonowyň terjimesi bilen deňeşdirip derňedi. Şu iki alymyň jemlän maglumatlaryndan şeýle netije gelip çykýar: Gül çemenli güldan şekillendirilen üstki bölekde Ismet atly şahyryň  dünýäden gaýdan dostuna bagyşlap, pars dilinde ýazan goşgy setirleri ýerleşdirilipdir. Bu mazarüsti daşyň uzboýuna iki gapdalyna arap dilinde şygyr ýazylypdyr. Şol goşgy setirlerinde-de bu dünýäniň wagtlaýynlygy, synag üçin gelinýänligi hakynda, bu ýatan merhumyň belent mertebeli ynsan bolanlygy, onuň jaýynyň behişt bolmagynyň dileg edilýändigi ýazylypdyr.Şu ýerde depin edilen adamyň ady alymlar üçin çözülmedik mesele bolup galýar. Şeýle-de bolsa, asyrlarboýy hatyrasy saklanyp gelinýän bu belent mertebeli ynsanyň dünýäden gaýdan wagtynyň senesi anyk ýazylgydyr. «924-nji ýylyň jumadel ossani aýynyň ony güni» (1517 - 1518-nji ýylyň iýun aýynyň 24-i). Bu senäniň meşhur ussa Soltan Aly Bawertliniň ýaşan zamanasyny salgy berýänliginde many bardyr. Belki, bu nepis ýadygärlik onuň eliniň hünäridir. Şu günki günler Abiwert galasynyň düzümindäki Sandykly baba kümmeti zyýaratçylaryň, jahankeşdeleriň gelim-gidimli ýeridir.