logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Sankt-Peterburgdaky seýilgähe Rasul Gamzatowyň ady dakylar
  21.12.2022
834
Sankt-Peterburgdaky seýilgähe Rasul Gamzatowyň ady dakylar

Rasul Gamzatowyň doglan gününiň 100 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde Sankt-Peterburgda şahyryň hormatyna seýilgähe ady dakylar. Bu seýilgäh demirgazyk paýtagtyň Kalininskiý etrabynda ýerleşýär. Ýakynda, dagystanly şahyryň doglan gününiň 100 ýyllygyny bellemek we oňa taýynlyk görmek boýunça guramaçylyk komitetiniň ilkinji maslahaty geçirildi.

Duşuşykda şahyryň ýubileý dabarasyna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça hereket meýilnamasy tassyklanyp, oňa 42 çäre girizildi. Çäreleriň köpüsi geljek ýyl üçin meýilleşdirilýär. Esasy wakalar Rasul Gamzatowyň 100 ýyllygyny Mahaçkalada, şeýle hem Moskwada Kreml köşgünde baýram etmekden ybarat bolar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Rasul Gamzatow 1922-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda doguldy. Onuň goşgular ýygyndylary millionlarça nusgada neşir edildi, dünýäniň onlarça diline terjime edildi. Gamzatowyň goşgularyndan we kyssalaryndan parçalar alyndy, kompozitorlar onuň şygryýetinden ylham aldy.