logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Sanly bilim bilen şanly özgerişe
  06.12.2022
762
Sanly bilim bilen şanly özgerişe

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ama­la aşy­ryl­ýan bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň baş mak­sa­dy giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylymly-bi­lim­li, sagdyn be­den­li, sag­dyn ruh­ly ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek­den yba­ratdyr. Şu nukdaýnazardan bi­lim eda­ra­la­ryn­da okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ral­ma­gy we sanlylaşdyrylmagy gazanylýar. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­na öň­de­ba­ry­jy usul­lar or­naş­dy­ryl­yp, kä­mil en­jam­lar, innowasion tehnologiýalar bi­len üp­jün edil­ýär. Ýaş­la­ryň bi­li­mi­ne, aň-düşünjesinde, ter­bi­ýe­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýän dö­wür­de ola­ryň oňat bi­lim al­mak­la­ry üçin ze­rur şert­le­riň äh­li­si dö­re­dil­ýär. Ýaş­la­ryň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym­ly-bi­lim­li, saý­lan hü­när­le­ri­niň eýe­si bol­ma­gy, päk ah­lak­ly­lyk, ag­zy­bir­lik ýa­ly ýag­şy hä­si­ýet­ler­de ter­bi­ýe­len­me­gi ba­ra­da­ky ala­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan syýasatyň düýp öze­nini düzýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let de­re­je­sin­dä­ki tagallalary ar­ka­ly bag­ty­ýar­ döw­rü­mi­zde ne­sil ter­bi­ýe­si­ni be­lent de­re­je­le­re ýe­tir­me­gi we ony baş we­zi­pe edip goý­ma­gy ýaş­lar­da ru­hy-ah­lak kä­mil­li­gi kemala getirýär. Ýur­du­my­zyň äh­li okuw jaýlarynda bi­lim al­ýan ýaş­la­ra innowasion tehnologiýalaryň aýratynlyklary iç­gin öw­re­dil­ýär. Bu babatda hä­zir­ki za­man tä­ze usul­la­r­dan, teh­no­lo­gi­ýa­la­rdan, ýö­ri­te­leş­di­ri­len teh­ni­ki we mul­ti­me­dia se­riş­de­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da mul­ti­me­dia, in­te­rak­tiw teh­no­lo­gi­ýa­lar okuw dur­mu­şy­na berk or­naş­dy. Mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bo­ýun­ça ama­ly en­dik­le­ri bo­lan ýaş nesiller ola­ry gün­de­lik okuw işin­de peý­da­lan­ýarlar. Okuw sapaklarynda mul­ti­me­dia ul­ga­myn­dan peý­da­lan­mak go­wy ne­ti­je­le­ri al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýaş­la­ryň dil öw­ren­me­gi­ne bo­lan ta­lap güýç­len­ýär. Çünki täze tehnologiýalar bu talaby artdyrýar. Okat­ma­gyň hä­zir­ki za­man usu­ly­ýe­ti okuw iş­le­rin­de san­ly ul­gam­dan dö­re­di­ji­lik­li peý­da­lan­ma­gy ta­lap ed­ýär. Bu ba­bat­da «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, kämil tehnologiýalardan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­da, ýaş nes­liň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak­da, okuw işi­niň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim ber­li­şi­niň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak­da oňyn netijeler gazanylýar.
Bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaşlaryň bilimini artdyrmaga bolan höwesiniň, başarnygynyň, ukybynyň kemala gelmegine uly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilen ylmy-tehniki syýasat ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna täze, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmakdan, ylym we tehnika babatda öňde duran maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Ýur­du­myz­da ylym-bi­li­miň ös­dü­ril­me­gi, ýaş nesliň okamagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, alyp barýan be­ýik iş­le­ri rowaçlyklara bes­len­sin! 

 

Laçyn MIRABOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.