logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Science and Education /Sanly bilim – kämil ösüş
  07.03.2023
1005
Sanly bilim – kämil ösüş

Ösen innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm strategik ugrudyr. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi. Baş maksady ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagyny gazanmakdan, ähli ulgamlary maglumat taýdan üpjün etmekden ybarat bolan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginden gazanylýan netijeler ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, bagtyýar ilatymyzyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, ylym-bilimiň, medeniýet hem sungatyň batly depginde ösmegini gazanmak, türkmen ylmyny dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly möhüm başlangyçlar kemal tapýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň bu konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler sanly bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem-de sanly bilim berilmeginiň usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar bilen içgin gyzyklanýan, döredijilikli, uky-başarnykly ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň zehinini açyp görkezmegi üçin ähli möhüm şertler bar. Kompýuter tehnologiýalarynyň ösüşi  şu  günki gün bilim ulgamynda esasy orunda durýar we maglumat tehnologiýalarynyň giň mümkinçiligi ony aýdyň subut edýär. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda maglumatlaryň ummany bolan internet ulgamy jemgyýetimiziň ähli derejelerinde öz hyzmatlaryny hödürleýär we üstünliklere, rowaçlyklara badalga berýär. Bilim ulgamyny hem kämilleşdirmekde, ony doly derejede sanlylaşdyrmakda, bilimleri ugurlar boýunça toplamakda internet ulgamynyň bölümlerini, web sahypalaryny döretmek döwletimizde öňe sürülýän maksatnamalaýyn syýasatdyr. Maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň gazananlaryna, ösen tehnologiýalara daýanýan milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy barha ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilendir. Arkadagly Serdarymyz dürli pudaklarda häzirki döwrüň möhüm talaby bolan sanly ulgama geçmekligiň zerurdygyny hemişe nygtamak bilen, bu ugry ösdürmeklige ünsi çekýär. Döwletimiziň kämil innowasiýa babatdaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerine esaslanyp, alyp barýan syýasaty mähriban Diýarymyzda kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine itergi berýär, hil taýdan ösen ykdysady ösüşleriň gazanylmagyna, netijeli sepgitlere ýetilmegine esas döredýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde ylmy täzelikleriň döredilmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ýokary depginde ornaşdyrylmagy mähriban halkymyzy, bagtyýar ýaş nesillerimizi aýdyň geljege ruhlandyrýar we eziz ýurdumyzyň geljekki ösüşlerinde möhüm ädim bolup çykyş edýär. 

 

Arslan BAZARMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 3-nji ýyl talyby.