logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /San­ly bi­lim – kämil ugur
  04.04.2023
747
San­ly bi­lim – kämil ugur

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan asylly tutumlaryň rowaçlanmagy ýurdumyzy ösdürmekde esas döredýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän köpugurly ösüş maksatnamalarda göz öňünde tutulan başlangyçlaryň oňyn häsiýete eýe bolmagy diýseň buýsandyrýar. Sanly ulgamyň barha globallaşýan häzirki döwründe bu ugruň wezipeleri has-da artýar. Munuň özi maglumat howpsuzlygy babatda degişli meýilnamalaryň taýýarlanylmagy, bu ugurda milli standartlaryň girizilmegi, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan, döw­re­bap yl­my-bar­lag­lar­dan oňat baş çy­kar­ýan ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ýur­du­my­zyň ýokary okuw mekdeplerinde dür­li ugur­lar bo­ýun­ça kä­mil hü­när­men­le­ri taý­ýar­lamak mak­sat edi­ni­lip, ta­lyp­la­ra de­giş­li hü­när­ler bo­ýun­ça bi­lim ber­me­giň in­no­wa­sion usu­lyn­dan peý­da­la­nyl­ýar. Ta­lyp ýaş­la­ry tas­la­ma we yl­my bäs­le­şik­le­re çek­mek hem höweslendirmek bi­len, olar­da yl­ma, bilime ta­rap il­kin­ji ädim­le­riň ädil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu bol­sa ta­lyp ýaş­lar­da kämil mag­lu­mat­la­ry sel­jer­mek, öz­baş­dak pi­kir­len­mek ýa­ly en­dik­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne itergi ber­ýär. Bilimiň ösmegi üçin iň möhüm wezipeleriň biri hem adam maýasynyň jemgyýetiň öndüriji we durmuş-ykdysady ösüşiniň kuwwatly güýjüne öwrülmegine itergi berilmegidir. Milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olary döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan adamlar edip kemala getirmekde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Türkmen ýaşlary innowasion taslamalaryň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşýarlar, ýurdumyzda geçirilýän sergilerde dürli ugurlara degişli programma üpjünçiliklerini we robotlary görkezýärler. Olaryň dürli dersler boýunça ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýändigini bellemek buýsandyryjy ýagdaýdyr. Häzirki wagtda tutuş dün­ýä bo­ýun­ça ýyl-ýyl­dan uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýan, «ýa­şyl ener­ge­ti­ka» ady­na eýe bo­lan döw­re­bap, eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz­ly­gy su­but edi­len, ener­gi­ýa tyg­şyt­la­ýan teh­no­lo­gi­ýa­lar has giň­den ula­nyl­ýar. Mu­nuň özi sanly ulgamyň ösü­şi, kämil bilim arkaly daş­ky gur­şa­wa ýetirilýän tä­si­ri azalt­mak me­se­le­le­ri­ni çöz­mek we dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň teh­no­lo­gi­ki ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ry bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Elbetde, şeýle asylly maksatlar, täzeçil ugurlar, ylym-bilim üstünlikleri Türkmenistan Watanymyza, bagtyýar döwrümize, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar, bizi has hem yhlasly okamaklyga borçlandyrýar! 

 

Arslan ABDYŞUKUROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.