Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly bilim – ösüşleriň özeni
  26.04.2023
808
Sanly bilim – ösüşleriň özeni

Bagtyýar hem parahat ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly üns berilmek bilen, oňyn ösüşler gazanylýar. Bilim ulgamynda ýola goýulýan işler ylymly-bilimli, giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryndan peýdalanyp innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary kemala getirmek möhüm wezipe bolup çykyş edýär. Türkmenistan ýurdumyzda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaýyn binýat yzygiderli pugtalandyrylýar. Innowasiýalaryň barha giň gerim bilen ösýän zamanasynda dünýäniň ösen döwletleriniň kämil hem öňdebaryjy tehnologiýalary, akylly enjamlary giňden ornaşdyrylýar. Şol kämil tehnologiýalardan peýdalanyp, ýaş nesillere döwrüň ruhuna kybap derejede bilim hem terbiýe berilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, ýola goýulýan möhüm wezipeler bu gün bagtyýar döwrümiziň ösüşleriniň şaýady.

Bilim ulgamynyň giň gerim bilen döwrebaplaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň has-da ýokarlanmagyna şert döredýär. Sanly bilim we ösen innowasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly bagtyýar ýaşlar halkara derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklere, internet olimpiadalaryna gatnaşyp, oňat netije gazanyp, ata ýurdumyzyň at-abraýyny has hem belende galdyrýarlar. Geljekki ähli ösüşlerimiz döwrüň kämil tehnologiýalary bilen berk baglanyşykly bolup, sanly ulgamyň köptaraplaýyn şertlerinden peýdalanmaklyk üstünlige ýetmegiň aýdyň ýoludyr. Bular bilen bir hatarda türkmen ylmyny ösdürmekde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen özara ylmy tejribeler alşylyp, halkara hyzmatdaşlygy günsaýyn berkidilýär. Bu bolsa hormatly Arkadagly Serdarymyzyň bilim ulgamynda döredip berýän şertleriniň oňyn netije berýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Eziz ýurdumyzda bilimiň, ylmyň ösmegi, ýaşlaryň kämil hünärli bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaç alsyn! 

 

Kerim WELSÄHEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.