Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly bilimi ösdürmegiň röwşen ýolunda
  14.12.2022
347
Sanly bilimi ösdürmegiň röwşen ýolunda

Her bir güni üstünlikler bilen rowaçlanýan Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ylym ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ylym-bilim hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaş nesilleriň kemala gelmegine şert döredýär. Ýurdumyzda bilim ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk esaslary hem-de maddy-enjamlaýyn binýady yzygider berkidilýär, ylmyň dürli ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen möhüm maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik, taslama merkezlerinde dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Döwletimiziň ýagty geljegi bolan zehinli, ylymly ýaşlar nanotehnologiýalar, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýalar, innowasion ykdysadyýet we beýleki ugurlarda uly üstünlikleri gazanýarlar. IT-tehnologiýalara esaslanan sanly bilim ulgamyny kemala getirmäge we onuň arkaly bilim ulgamyny ösdürmeklige, ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmeklige gönükdirilen çäreler giň goldaw tapýar. Bulardan başga-da inžener-tehnologik işi üçin zerur bolan programma üpjünçiligini döretmek işiniň işjeň­leşdirilmegine şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň ýolunda döwletimizi dünýäniň iri, senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaklygyň nusgalyk ýörelgesini alyp barýar. Bu babatda amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen utgaşdyrylýar. Öňde goýlan belent maksatlara abraý bilen ýetmekde sanly ulgamy kämilleşdirmek örän möhüm bolup, onuň özenini berkden tutmak esasy görkeziji bolup çykyş edýär. Bu bolsa öz hünäri boýunça ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenler bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny üpjün etmek wajyp wezipe hökmünde şertlendirilendir. Şol nukdaýnazardan hem ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sanly bilim ulgamyna doly geçmek boýunça işler giň gerimde ýola goýulýar. Bu asylly başlangyçlar «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýaýbaňlandyrylýar. Geljekki ösüşlerimiz döwrüň kämil tehnologiýalary bilen berk baglanyşykly bolup, sanly ulgamyň köptaraplaýyn şertlerinden peýdalanmaklyk üstünlige ýetmegiň aýdyň ýoludyr. Bular bilen bir hatarda türkmen ylmyny ösdürmekde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen özara ylmy tejribeler alşylyp, halkara hyzmatdaşlygy günsaýyn berkidilýär. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň usulyýetini ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek arkaly bu ulgamyň işiniň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr. Ýaşlara çuňňur bilim bermek, olaryň ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak okuw işini täzeçe, döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guramagy talap edýär. Şeýle beýik özgertmeleri bilen Watanymyzy berkararlyga besleýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. 

 

Meýlis ARTYKGURBANOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy.