logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /«SANLY ÇÖZGÜT — 2022» atly taslama bäsleşigi geçiriler
  30.09.2022
1251
«SANLY ÇÖZGÜT — 2022» atly taslama bäsleşigi geçiriler

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalar bäsleşigi geçiriler. Bäsleşik ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň sanly çözgütlerini öwrenmek we olaryň taslamalaryny durmuşa geçirmäge kömek etmek, şeýle-de ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň depginlerini güýçlendirmek maksady bilen geçirilýär.


Bäsleşige ýaş alymlar, talyplar we bu ugur boýunça zähmet çekýän hünärmenler gatnaşyp bilerler we saglygy goraýyş, ylym-bilim; ulag-logistika; elektron senagat; oba hojalyk; hyzmatlar ulgamy; robototehnika ugurlary boýunça taslamalaryny hödürläp bilerler.


Bäsleşikde tapawutlananlara gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşurylar.


Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň möhleti 1-nji oktýabrda tamamlanýar.