logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /Sanly çözgütler bilen ykdysadyýetiň täze keşbi
  18.12.2025
284
Sanly çözgütler bilen ykdysadyýetiň täze keşbi

Dünýä ykdysadyýeti täze ösüş tapgyryna gadam basdy. Bu tapgyrda maglumat, tehnologiýa we sanly çözgütler ykdysady gatnaşyklaryň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Sanly ykdysadyýet diňe bir täze düşünje däl, eýsem önümçiligiň, hyzmatlaryň we dolandyryşyň ähli ugurlaryna täsir edýän döwrebap ulgamdyr.


Sanly ykdysadyýetiň giň gerimde ornaşdyrylmagy ykdysady prosesleriň çaltlaşmagyna, maglumatlaryň takyk dolandyrylmagyna we täze işewürlik modelleriniň emele gelmegine mümkinçilik berýär. Sanly platformalar arkaly öndüriji bilen sarp edijiniň arasyndaky aragatnaşyk has gysga bolýar, bazar gatnaşyklary has aç-açan häsiýete eýe bolýar. Bu ýagdaý ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrýar.


Häzirki wagtda sanly tehnologiýalar önümçilikde awtomatlaşdyrma, maglumatlary seljermek, logistika we üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak ýaly ugurlarda giňden ulanylýar. Munuň netijesinde çykdajylar azalýar, wagtyň tygşytlanmagy üpjün edilýär we önümçiligiň hil derejesi ýokarlanýar. Şeýle çemeleşme ykdysady ösüşiň täze mümkinçiliklerini açýar.


Sanly ykdysadyýet hyzmatlar ulgamynda hem düýpli özgerişleri döredýär. Elektron söwda, sanly bank hyzmatlary, onlaýn töleg ulgamlary we sanly döwlet hyzmatlary ykdysady gatnaşyklaryň has elýeterli bolmagyna şert döredýär. Bu bolsa ilatyň işjeňligini artdyrmak bilen bir hatarda, işewürlik gurşawynyň giňelmegine hem täsir edýär.


Şeýle-de sanly ykdysadyýetiň ösüşi bilim we hünär taýýarlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Döwrebap ykdysadyýet sanly başarnyklaryna eýe bolan hünärmenleri talap edýär. Şonuň üçin hem sanly bilim, maglumat tehnologiýalary we innowasiýa pikirlenmesi häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridir.

Azat SOPYÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň
uly mugallymy.