logo

Latest news:
✦ «Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy ✦ ✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦
Home / Science and Education /«Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy
  16.06.2026
28
«Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy

Türkmenistanda ýaşlaryň sanly tehnologiýalara bolan gyzyklanmasyny artdyrmak hem-de innowasion pikirleri goldamak maksady bilen geçirilen «Sanly geljek-2026» atly IT we robototehnika bäsleşigi üstünlikli tamamlandy. Bäsleşik ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek we tehnologik ösüşi ilerletmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäklerinde guraldy.


Bäsleşigiň esasy maksady mekdep okuwçylarynyň arasynda IT-telekeçiligi, programmirleme we inženerçilik ugurlaryna bolan gyzyklanmany güýçlendirmekden, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de geljegi uly startap taslamalaryny goldamakdan ybarat boldy.


Çäräniň dowamynda okuwçylar öz taslamalaryny üç ugur boýunça hödürlediler. «Smart City» kategoriýasynda şäher infrastrukturasyny awtomatlaşdyrmaga gönükdirilen robototehniki we IoT çözgütleri görkezildi. «EduTech & Mobile» ugrunda bilim ulgamyna niýetlenen mobil goşundylar we sanly okuw platformalary tanyşdyryldy. «Eco-Tech» kategoriýasynda bolsa daşky gurşawy goramaga we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen tehnologik taslamalar bäsleşdi.


Final tapgyryna çykarylan işler öňünden hünärmenler tarapyndan seljerilip, olaryň tehniki derejesi we amaly ähmiýeti öwrenildi. Eminler topary taslamalara täzeçillik derejesi, tehniki ýerine ýetirilişi, jemgyýetçilik we ykdysady peýdasy, işewürlik mümkinçilikleri hem-de gatnaşyjylaryň prezentasiýa başarnyklary esasynda baha berdiler.


Netijede, Aşgabat şäheriniň iňlis dili we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Myradowa Göwher bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolup, 1-nji orny eýeledi. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Babaýewa Orazjemal hem-de Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Annaorazow Begenç 2-nji orny paýlaşdylar.


3-nji orun Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Mämmedalyýew Mämmetnura, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Hudaýnazarow Mährä we Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Hydyrowa Ýazgüle berildi.


Ýeňijilere diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşik ýaşlaryň innowasion pikirlenişiniň, tehnologiýa bolan gyzyklanmasynyň we sanly geljegi döretmäge bolan taýýarlygynyň aýdyň subutnamasy boldy.