Malaýziýanyň Swift Energy kompaniýasy 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» halkara sergi we maslahatyna gatnaşyp, nebitgaz pudagy üçin niýetlenen gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, bu çözgütler deňizdäki nebitgaz platformalary we nebithimiýa desgalary ýaly partlama howpy bolan şertlerde ulanmaga niýetlenendir. Swift Energy şeýle hem senagat üçin elektrik üpjünçiligi we ýörite goragly elektrik enjamlary boýunça hyzmatlary hödürleýär.
Nebitgaz pudagynda şeýle tehnologiýalar aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi nebitgaz çykarylýan we gaýtadan işlenilýän desgalarda ýangyjy ýa-da partlaýjy maddalaryň bolmagy elektrik enjamlaryna bildirilýän howpsuzlyk talaplaryny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin ýörite goragly enjamlary ulanmak önümçilik işleriniň ygtybarly alnyp barylmagyna ýardam berýär.
OGT 2026 kompaniýa üçin öz tehnologiýalaryny tanyşdyrmaga we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döretdi.