logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz
  28.10.2026
17
Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz

Halkymyz bedewleri, halylary, aýdym-saz sungatynyň kämil görnüşini dünýä peşgeş berdi. Şol gymmatlyklaryň arasynda alabaýlaryň hem mynasyp orny bardyr. Muny biz her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Türkmen alabaýynyň baýramynda aýdyň görýäris. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan alabaýlarymyza bagyşlap ýazan «Türkmen alabaýy» atly kitabynda olar barada giňişleýin maglumat berilýär.

 

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygar astynda geçýän şu ýylymyzda-da Türkmen alabaýynyň baýramy ýokary ruhubelentlikde geçdi. Hormatly Prezidentimiziň alabaýlarymyzy dünýä ýüzünde şöhratlandyrmak babatda berýän goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, çärelerdir bäsleşikler guralyp, olar köp adamlylygy bilen tapawutlandy. Şu ýyl hem alabaý itleriň keşbini şekillendiriş we amaly­haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň arasynda bäsleşik guralyp, onuň ýeňijileri yglan edildi.

 

Bäsleşikde Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi Amanmyrat Gulberdiýew «Türkmen alabaýy» atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Serdar Osmanow «Miras» atly nakgaşlyk eseri, şol sungat ojagynyň talyplary Bahar Batyrowa «Alabaýyň waspy» atly heýkel eseri, Ybraýym Ýaýlimow «Senenama — 2026» atly neşir işi hem­de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi Nurberdi Orazgeldiýew «Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinolog hünärmenleriniň taýýarlanylyşy» atly wideoşekili bilen bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardy. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar we şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Kümüş REJEPDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň mugallym-öwrenijisi.