Häzirki döwürde dünýäde sanly tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösmegi ylym we bilim ulgamynyň ösüşine uly täsir ýetirýär. Sanly ulgam diňe bir maglumatlary çalt alyşmak we saklamak üçin däl, eýsem bilim almak, ylmy barlaglary geçirmek hem-de täze bilimleri döredip, jemgyýete ýetirmek üçin möhüm gurallaryň birine öwrüldi. Şonuň üçin hem sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri bolup durýar.
Sanly ulgamyň bilim ulgamyndaky esasy aýratynlyklarynyň biri maglumatlaryň giň elýeterliligini üpjün etmegidir. Häzirki wagtda internet, elektron kitaplar, onlaýn platformalary we dürli bilim portallary arkaly dünýäniň islendik ýerinden bilim almak mümkinçiligi döredildi. Bu ýagdaý talyplara we okuwçylara täze maglumatlary çalt tapmaga, dürli ylmy çeşmeler bilen tanyşmaga we öz bilimlerini giňeltmäge giň mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, sanly tehnologiýalar okuw prosesiniň has täsirli we gyzykly bolmagyna ýardam edýär. Interaktiw tagtalar, wirtual barlaghanalar, onlaýn sapaklar hem-de multimediýa serişdeleri okuwçylaryň maglumatlary has aňsat kabul etmegine we öwrenilen maglumatlary has gowy özleşdirmegine mümkinçilik berýär. Şeýle mümkinçilikler bolsa bilim bermegiň täze, döwrebap usullarynyň ornaşmagyna şert döredýär.
Häzirki wagtda ylmy barlaglaryň köpüsi kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen alnyp barylýar. Sanly maglumat bazalary, ýörite programma üpjünçiligi hem-de emeli aň mümkinçilikleri alymlara uly maglumatlary seljermäge, täze açyşlary etmäge we ylmy netijeleri dünýä jemgyýetçiligine tiz ýetirmäge ýardam berýär.
Sanly ulgam ýaşlaryň döredijilikli pikirlenmesini we innowasion taslamalary döretmek ukyplaryny hem ösdürýär. Programmirleme, maglumat tehnologiýalary, emeli aň ýaly ugurlar boýunça bilim alan ýaşlar geljekde täze tehnologiýalary döretmäge we ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik alýarlar.
Aýgözel BABAÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň mugallymy.