logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Sanly ulgam — döwrebap mümkinçilik
  25.10.2022
839
Sanly ulgam — döwrebap mümkinçilik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň ähli ugurlary sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagy, döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagy, işjeň gatnaşmagy, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi bilim işgärleriniň öňünde goýlan esasy wezipedir. Bu wezipe sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Häzirki döwre mahsus bolan şertlerde ýaşlara bilim we terbiýe bermek esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Şonuň bilen bagly, uniwersitetimizde ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň çäginde sanly bilimiň durmuş-ykdysady ulgamda eýeleýän ornunyň barha pugtalandyrylýandygy aýratyn bellenilmelidir. Häzirki wagtda maglumat tehnologiýalary örän çalt depginler bilen ösýär. Häzirki zaman okuw serişdeleri bilen üpjünçilik we olary ulanmak baradaky täzelikleriň hatarynda okuw kitaplarynyň we beýleki okuw-usuly serişdeleriniň elektron görnüşde taýýarlanýandygyny, ýagny ýokary okuw mekdeplerinde döredilen sanly bilim portallarynda okuw maglumatlaryny özünde jemleýän zerur serişdeleriň ýerleşdirilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Ýurdumyzda bilim berlişiniň hil derejesini ýokarlandyrmakda kompýuterleriň, multimedia enjamlarynyň we beýleki maglumat tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň döwrebap enjamlarynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylýar.

Bilim edaralary häzirki zaman kompýuterleri, multimedia tehnologiýalary, laboratoriýa, lingafon enjamlary bilen üpjün edilýär. Internet toruna birikdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalaryň ählisine öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi ajaýyp däbe öwrüldi. Bularyň ählisi ýaş nesliň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, bu ukyplary hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir. 

 

Yhlas MERGENBAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.