logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Technology /Sanly ulgam — döwrebap ösüş
  01.07.2025
812
Sanly ulgam — döwrebap ösüş

Islendik döwletiň ösüş derejesi, ilkinji nobatda, onuň ylym we bilim ulgamynyň ösüşi bilen baglydyr. Şonuň üçin hem jemgyýetde ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak ýurdumyzda möhüm we ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzda “Sanly Türkmenistan” döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak, ähli pudaklary sanlylaşdyrmaga gönükdirilen möhüm ädim boldy. Bu maksatnama ýurduň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmak bilen birlikde, welaýatlar, şäherler we obalar arasynda sanly aragatnaşyk taýdan bar bolan bökdençlikleri ýok etmegi maksat edinýär.

 

Şeýle hem, ylmyň we bilimiň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan möhüm başlangyçlaryň biri hem sanly bank ulgamynyň ösdürilmegidir.

 

Bank ulgamynda sanly mümkinçilikleriň ornaşdyrylmagy, hyzmatlaryň täze görnüşleriniň peýda bolmagyna hem-de bu ulgamyň yzygiderli täzelenmegine itergi berýär. Dünýäde ilkinji gezek müşderilere öýden çykmazdan bank hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän “Öý banky” (Home banking) diýen hyzmat 1980-nji ýyllarda peýda bolupdyr. Ilki bilen öý ýa-da ofis telefonlarynyň kompýuter bilen baglanyşdyrylmagy arkaly girizilen bu hyzmat, soňlugy bilen ykjam telefonlaryň üsti bilen müşderilere bank hasaplaryna girmegi üpjün edipdir. Wagt geçdigiçe bu hyzmat giňden ýaýrap, kämilleşipdir.

 

Sanly bank ulgamy diňe bir bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem adam aňynyň ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly mümkinçiliklerden doly peýdalanmak arkaly Watanymyzyň ösüşini has-da ilerletmegi, raýatlaryň sanly hyzmatlardan peýdalanmagyny hem-de ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny esasy ugur hökmünde öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

 

Ýazbibi AKYMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.