Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly ulgam kämil geljege kepildir
  13.02.2023
973
Sanly ulgam kämil geljege kepildir

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan Watanymyzda durmuşyň hem milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe ilerleýär. Ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, bagtyýar ilatymyzyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, ylym-bilimiň, medeniýet hem sungatyň batly depginde ösmegini gazanmak, türkmen ylmyny dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly möhüm başlangyçlar kemal tapýar. 

Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda bu ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş nesle ylym-bilim bermekde dünýä tejribesine daýanmak bilen ony milli ýörelgelerimiz bilen utgaşykly alyp barmak babatda ýola goýulýan möhüm başlangyçlar kalplarda çäksiz buýsanjy goşalandyrýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar, okuw mekdeplerinde kämil tehnologiýalar, akylly enjamlary, multimediýa serişdeleri, lingafon otaglary, ýokary tizlikli internet ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu Konsepsiýa ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti ýola goýulýar. Şeýle-de okadylýan dersler bilen baglanyşykly elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary döredilýär.  Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň hem tygşytlanmagyna, zerur bolan gerekli maglumatlary gysga wagtda tapmaklyga şert döredýär. Arkadagly Serdarymyz dürli pudaklarda häzirki döwrüň möhüm talaby bolan sanly ulgama geçmekligiň zerurdygyny hemişe nygtamak bilen, bu ugry ösdürmeklige ünsi çekýär.

Döwletimiziň kämil innowasiýa babatdaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerine esaslanyp, alyp barýan syýasaty mähriban Diýarymyzda kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine itergi berýär, hil taýdan ösen ykdysady ösüşleriň gazanylmagyna, netijeli sepgitlere ýetilmegine esas döredýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde ylmy täzelikleriň döredilmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ýokary depginde ornaşdyrylmagy mähriban halkymyzy, bagtyýar ýaş nesillerimizi aýdyň geljege ruhlandyryp, ýüreklerde berkarar döwrümizi rowaçly mezillere besleýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşy goşalandyrýar!

 

Daýanç BAÝRAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.