logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly ulgamyň ähmiýeti
  02.08.2022
1378
Sanly ulgamyň ähmiýeti

       2018-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi. Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy döredildi, bu global aragatnaşyk ulgamy ylmy gözlegler, öndürijilik, medeni üýtgeşmeler, dünýä söwdasy we dünýä bilimi üçin esasy maglumat çeşmesi boldy. 
          Sanly ulgam eýsem bu näme zat?
         Aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny öz içine alýan, ähli maglumatlary ýygnamaga, gaýtadan işlemäge, saklamaga we torlaryň üsti bilen bir ýerden başga ýere geçirmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalara “sanly  ulgam” diýilýär.
        Sanly ulgam esasan hem maglumatyň aňsat we çalt elýeterliligini hem-de aragatnaşygy  çalt  üpjün edýär. Çykdajylary peseldýär we netijeliligi ýokarlandyrýar.