Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Sanly ykdysadyýet bilen kämil geljege
  17.05.2023
662
Sanly ykdysadyýet bilen kämil geljege

Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy ugurlaryna uly üns berilýär. Muny alyp barmaklygyň esasy şerti-de sanly ulgama geçmekden ybaratdyr. Çünki dünýä döwletlerinde hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaklygyň we ondan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly orun berilýär. Oňyn ösüş, bäsdeşlige ukyplylyk, innowasion ösüş – bularyň ählisi bolsa täze iş orunlarynyň emele gelmegine, döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegine ýol açýar, häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň durmuşymyza ornaşmagyna esas döredýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlaryny kesgitlemek bellenilýär. Döwrebap sanly infrastrukturanyň kemala gelmegi ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda ilata edilýän sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygider artdyrylýar, oňaýly şertler bilen üpjün edilýär. Ýerine ýetirilýän hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen, «Bir penjire» ulgamy döredildi. Çünki sanlylaşdyrmak işi ykdysadyýeti hil taýdan netijeli ösdürmegiň möhüm guraly bolup, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, wagty tygşytlamaga şert döredýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen döwletimiziň ykdysady ösüşinde möhüm ädimler ädilýär. Sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmekde kabul edilýän möhüm çözgütler milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň halkara standartlaryna laýyk gelmekligine mümkinçilik berýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmagy giň gerime eýe bolýar. Munuň özi durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş depginini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistan ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň döwletli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Kerwen AGAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.