logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /“Sanly ykdysadyýet innowasion merkeziniň” garamagyndaky paýnamalar hususylaşdyrylar
  03.04.2024
611
“Sanly ykdysadyýet innowasion merkeziniň” garamagyndaky paýnamalar hususylaşdyrylar

Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Hormatly Prezidentimize “Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak barada teklip berildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýtdy.


 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň maglumatlaryna görä häzirki wagtda Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döwletiň paýly gatnaşmagynda döredilen hojalyk subýektlerindäki degişli paýlary döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak boýunça seljermeler yzygiderli geçirilýär.


 

“Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş ugurlary lomaý söwda, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek, maýa goýumlary çekmek hem-de telekeçilik işini alyp barmak bilen baglanşyklydyr.


Tawus Bäşowa,
Babadaýhan etrabynyň 18-nji orta
mekdebiniň mugallymy.