logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Sanly ykdysadyýet ösüşlere beslenýär
  08.12.2023
740
Sanly ykdysadyýet ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüş belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

 

 

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uzak möhleti nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barmak zerurdyr. Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýete geçmek belli bir wagty, serişdeleri we inženerçilik işini doly ele alan hünärmenleri talap edýär. Soňky ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge dünýä döwletleriniň ünsleriniň has-da artmagyny onuň ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmekde döredýän artykmaçlyklary bilen düşündirip bolar.

 

 

Elektron ýa-da sanly ykdysadyýet adaty ykdysadyýetden tapawutly aýratynlyga eýedir. Birinjiden, ulgamyň wirtual görnüşde hereket etmegi, has dogrusy, elektron ykdysadyýet dürli maglumat göterijilerde saklanýan maglumatlary emele getirip, diňe wirtual dünýäde hereket edip biler. Ikinjiden, bu ulgamyň hereket etmegi telekommunikasiýa torlaryna we kompýuter tehnikasyna baglydyr. Bu adaty ykdysadyýet bilen sanly ykdysadyýetiň esasy tapawutly aýratynlygydyr. Adaty (hakyky) ykdysadyýet elektron ykdysadyýetsiz hem hereket edip biler. Önümçilik kärhanalary öz önümlerini internet dükansyz hem satyp bilýärler. Sebäbi ykdysadyýetiň adaty usullary bilen önümlerini ýerlemek mümkinçiligi bar. Sanly ykdysadyýeti bolsa telekommunikasiýa torlary bolmazdan we kompýuter tehnikasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sanly ykdysadyýetde wirtual hojalyk işleriniň ähli görnüşleri şulara esaslanýar. Ýöne sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň esasy aýratynlygy — sanly ykdysadyýetiň içerki gurşawynda bu ulgamyň ýokary depginli ösüşine we maglumatlaryň ýaýramak tizliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

 

 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde sanly ykdysadyýet möhüm orny eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ykdysydaýetimiz gün-günden uly ösüşlere beslenýär. Türkmenistan ýurdumyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmakda alyp barýan işleri üçin Hormatly Prezidentimize sagbolsunymyzy aýdýarys!

 

 

Mährijemal GARAJANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.