Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly ykdysadyýet we diwersifikasiýa
  07.03.2021
828
Sanly ykdysadyýet we diwersifikasiýa

        Türkmenistan şu günki jemgyýetçilik ýagdaýy barada söhbetdeşlik açylanda, onuň ykdysadyýetiniň batly depgin bilen durnukly ösdürilip, özgerdilýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Sanly ykdysadyýete geçmek bilen ýurdymyzy senagat taýdan ösdürilmegiň, bazar we düzümleýin özgertmeleri geçirmegiň gaýtadan işleýän pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen täze tapgyra gadam basýar. Ýurdumyzyň durnukly ösmegi, barada barha kuwwatlanmagy üçin ýaşlarda aň-düşünjeli, oýlap tapyjy, dörediji we gurujy intelektualy kemala getirmek häzirki döwrüň esasy talabydyr. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugrunyň ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary şertlerinde döwrebaplaşdyrylmagy bilen şertlendirilýär. Sanly bilim ulgamy sanly ykdysadyýetiň möhüm düzüm böleginiň biridir. Häzirki zaman ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, halkymyzyň milli bähbitlerine gönükdirilen şeýle derwaýsyz meseleleri çözmek maksady bilen “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti özgertmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Bu wajyp strategiýa Garaşsyz Watanymyzyň öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşulmagyň, sebit hem-de ähli umumy durnukly ösüşiň wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň ägirt uly tebigy baýlyklary, ösen döwletleriň iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga oňaýly şertler döredýär. Daşary ýurt maýa goýumlary, ýokary tehnologiýalar we dolandyryş çözgütleri täze iş orunlaryny döretmäge, çig mal serişdelerimizi halkyň bähbidine ulanmaga giň mümkinçilikler berýär. Türkmenistanyň sanly ulgama geçmek syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, müňlerçe täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, ilatyň umumy girdeýjileriniň yzygiderli artmagyna getirýär. Ýurdumyzyň öňde baryjy kompanýalary, hususy telekeçiler, talyplar hem-de programma üpjünçiligini döredip bilýän raýatlar bu meýdançanyň kadalary hökmünde hasaba alnyp bilner.