logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Sanly ykdysadyýetiň ösüşleri batlanýar
  09.03.2023
1203
Sanly ykdysadyýetiň ösüşleri batlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar üçin dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän işler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Önümçilik gatnaşyklarynyň, ylmy-tehnologik ilerlemäniň ýokary depgini bilen bagly täze şertleriň döremegi hil taýdan ýokary ösüşi üpjün edýär. Muňa mysal hökmünde sanly ulgamyň gazananlaryny görkezmek bolar. Pudaklary sanlylaşdyrmagyň açary hökmünde kärhanalary sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, bir bitewi milli tor ulgamyna birleşdirmek, ykdysadyýeti dolandyrmagy awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlary görkezmek bolar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy maglumatlaryň täzeden işlenip taýýarlanylmagy üçin esasdyr. Ýurdumyzda sanly ulgamyň işiniň tertibini kadalaşdyrýan «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, uzak möhletleýin ykdysady hem-de dolandyryş çözgütleriniň kabul edilmegi täze ykdysady syýasatyň möhüm ugurlarydyr, we bu ugur okgunly ösýän sanly tehnologiýalary doly ornaşdyrmaklygy şertlendirýär.  Ýaşlaryň sanly ykdysadyýet baradaky esasy düşünjeleri sanly özgertmeleri we sanly gurallary ornaşdyrmagyň ähmiýeti, programma üpjünçiligi, maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk baradaky bilimlerini artdyrmaga, gözýetimlerini giňeltmäge ýardam berýär. Şeýle çäreler ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça ýola goýulýan toplumlaýyn çäreleriň netijeli häsiýetini şertlendirýär. Bilim ulgamyna okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak talyplaryň häzirki zamanyň möhüm meselesi bolan ýaş hünärmenleri sanly ykdysadyýet şertlerinde işlemäge taýýarlamakda möhüm wezipeleriň biridir. Sanly ykdysadyýet sanly tehnologiýalary ulanmagyň esasynda ýüze çykýan ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamy bolup, ol sanly serişdeleriň kömegi bilen amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmeginiň esasy şerti sanly maglumat tehnologiýalarynyň ygtybarly işlemegidir. Şol sebäpli hem, geljekde sanly ykdysadyýet ulgamynda işlejek ýaş hünärmenler maglumat howpsuzlygy taýdan düýpli bilimli bolmalydyr. Sanly ykdysadyýet ulgamynda zähmet çekjek ýaşlaryň bu babatda bilimleriniň çuňňur hem durnukly bolmagy üçin okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň amalyýetdäki tejribe bilen sazlaşykly alnyp barylmagy derwaýysdyr. 

 

Saitjan MUHAMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) 
taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.