logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Technology /Sanly ykdysadyýetiň täze döwri
  25.01.2026
214
Sanly ykdysadyýetiň täze döwri

Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň sanlylaşmagy we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň esasy şerti hökmünde çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan bu ugurda uly sepgitleri eýeleýär. 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde täze sahypa "Wirtual aktiwler hakyndaky" täze Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Bu ädim ýurduň tebigy gaz serişdelerine bolan garaşlylygyny azaltmak we sanly tehnologiýalar arkaly ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek ugrundaky strategiki maksatnamasynyň möhüm bölegidir.


Bu resminama, ýurdumyzda sanly maliýe serişdeleriniň statusyny anyklaýan we olaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini üpjün edýän esasy guraldyr. Maýning işi bilen meşgullanmak isleýän her bir tarap Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we degişli döwlet edaralarynyň sanawynda hasaba durmalydyr. Täze kanunçylyk bikanun pul dolanyşygynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Her bir wirtual amal döwlet tarapyndan tassyklanan platformalar arkaly amala aşyrylýar.


Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy gaz gorlary we kuwwatly elektrik stansiýalary bilen bu täze pudak üçin dünýäde iň amatly şertleri hödürleýär. Kriptowalýuta maýningi uly mukdarda elektrik energiýasyny sarp edýär, biziň ýurdumyz bolsa bu energiýany iň elýeterli bahadan üpjün edip bilýän döwletdir. 


Maýningiň kanunlaşdyrylmagy diňe bir tehnologik böküş däl, eýsem milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny köpdürlüleşdirmekde möhüm ädimdir. "Wirtual aktiwler hakyndaky" Kanunyň güýje girmegi, Türkmenistanyň dünýäniň iň ösen sanly ykdysadyýetleriniň hataryna goşulmaga bolan ynamly ädimidir. Bu özgertme milli walýutanyň durnuklylygyny berkitmäge, innowasion telekeçiligi goldamaga we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga hyzmat eder.

Ahmet AGAÝEW,
Türkmenistanyň senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.