logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Technology /Sanlylaşdyrmak - täzeçil ösüşe gadam
  05.01.2023
1110
Sanlylaşdyrmak - täzeçil ösüşe gadam

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan rowaçlanýan eziz ýurdumyzda ähli ugurlar babatda uly üstünlikler, özgerişdir ösüşler gazanylyp, ähli ulgamlary döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary, kämil enjamlary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça uly möçberli işler amala aşyrylýar. Döwletimizde ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak ýurdumyzda gaýragoýulmasyz işleriň biri bolup durýar. Sanly ulgama doly geçmeklikden we tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, sanlylaşdyrmak işi her bir ugruň batly depginler bilen ösmegine, kuwwatlanmagyna mümkinçilik berýär. Bu ugurda döwlet maksatnamasynyň işläp taýýarlanylmagy ähli pudaklary sanly ulgama geçirmek boýunça möhüm ädim bolup çykyş edýär. Maksatnama ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmegi, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmagy göz öňünde tutýar. Ýurdumyzda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny doly üpjün etmegi düzgünleşdirmekde, maglumat goraglylygyny ýola goýmakda, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar boýunça möhüm çözgütler üstünlikli amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzda sanly ykdysadyýete geçmek meselesi ýokary depginde amal edilip, onuň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýär. Baş maksady ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlaşdyrylmagyny gazanmakdan, ähli ulgamlary maglumat taýdan üpjün etmekden ybarat bolan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginden gazanylýan netijeler ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň bu konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler sanly bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem-de sanly bilim berilmeginiň usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

Mähriban halkymyzy şeýle bagtyýar, abadan hem erkana durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

 

Merjen KAIPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.