Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Sanlylaşdyrylan dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ üpjün edilýär
  04.04.2023
831
Sanlylaşdyrylan dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ üpjün edilýär

Täze eýýamyň üstünlikler bilen rowaçlanýan ýurdunda Milli Liderimiz Gah­ry­man Arkadagymyzyň başyny başlan be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp derejede do­wam et­dir­ýän Arkadag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu gün al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­urlarynyň biri-de durmuş goraglylygyny üpjün etmekdir. Mu­nuň özi bagtyýar hal­kymyzyň abadan durmuşynyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­lip ama­la aşy­ryl­ýan asylly başlangyçlarda, be­ýik iş­ler­de, döw­let­li tu­tum­lar­da we yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler­de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, dürli iş orunlary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi babatda durmuşa geçirilýän möhüm wezipeler göwün guşumyzy ganatlandyrýar.

Häzirki sanly ulgamyň barha çalt depginler bilen ösýän zamanasynda ähli ugurlara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde sanlylaşdyrylan durmuş ulgamlarynyň toplumlaýyn gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Dürli ugurly döwlet edaralarynda ilata internet tory arkaly maglumatlary ýetirmegi ýola goýmak, iş üpjünçiliginde maglumat-aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar. Ilata edilýän durmuş hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak esasynda durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşini üpjün etmek şu günki günüň ileri tutulýan möhüm wezipesi bolup durýar. Munuň özi diňe bir durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine hem ýardam berýär. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy maglumat goraglylygyny hem talap edýär. Ilata hödürlenýän durmuş hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmek köptaraplaýyn peýdaly bolup, ol wagty tygşytlamaga, islendik pursatda elýeterliligi üpjün etmäge, täzelikler bilen onlaýn ýagdaýda tanyşmaga mümkinçilik berýär. Durmuş goraglylygy ulgamyna sanly döwrebap tehnologiýalaryň girizilmegi işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik berýär. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň netijeli işlemegine gönükdirilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna dürli düzümleriň özara gatnaşyklary ýokarlanýar we gözegçiligi amala aşyrmaga täze mümkinçilikler döreýär. Netijede milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek we ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek maksady bilen ilaty durmuş taýdan goramak hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek, döwrüň talabyna laýyklykda hyzmatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek Döwlet Baştutanymyzyň ýola goýýan asylly işleriniň ajaýyp nusgasydyr. Şeýle ajaýyp zamanada bagtyýar raýatlarymyz we biz ýaşlar hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleri barha rowaç alsyn! 

 

Jennet MUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.