logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /ŞANY BELENT BITARAPLYK
  01.12.2020
868
ŞANY BELENT BITARAPLYK

Belent bagty alyp geldiň,

Şany belent Bitaraplyk.

Türkmenime ýalkym saldyň,

Baky bagtym Bitaraplyk.

 

Parahatlyk synmaz sende,

Ýurt çyragy sönmez sende.

Watan güllär saýasynda,

Täji tagtym Bitaraplyk.

 

Läle reýhan mekanym bar,

Müňläp şirin mukamym bar.

Nazar saldy Hak Biribar,

Ýurt zynatym Bitaraplyk.

 

Pederleriň namys ary,

Şu toprakdyr kalp ygrary.

Eneleriň dileg ary,

Hoş gurbatym Bitaraplyk.

 

 

Pyragydan nesle ýeten,

Berkararlyk mesgen tutan.

Bu gün güllär ata Watan,

Güýç kuwwatym Bitaraplyk,

 

Arkadagly penam bardyr,

Bitaraplyk senam bardyr.

Bagt baýramly senäm bardyr,

Hoş döwletim Bitaraplyk.