Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Sarahs baba Abul fazl piriň 1000 ýyllygyna bagyşlanyp ýaş taryhçylar duşuşygy geçirilýär
  07.12.2023
565
Sarahs baba Abul fazl piriň 1000 ýyllygyna bagyşlanyp ýaş taryhçylar duşuşygy geçirilýär

Beýik taryhy şahslaryň biri bolan ussat halypa, pir Abul-Fazl Muhammet ibn Hasan Sarahsyň 1000 ýyllygyna bagyşlanan “Sarahs baba Abul Fazl piriň ömri – nesillere ruhy miras” atly ýaş taryhçylar duşuşygy geçirilýär.

 

 

Ýaşlarda taryhy geçmişimizi, milli mirasymyzy öwrenmek, goramak, sarpa goýmak endiklerini kämilleşdirmek we taryhda yz goýup giden beýik taryhy şahslarymyzy hatyralamak maksady bilen geçirilýän bu duşuşyk isleg bildirýän halk köpçüligi üçin açykdyr.

 

 

Häzirki wagtda Türkmenistan Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak maksady arkaly ÝUNESKO bilen işjeň özara hereketleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Sarahs babanyň ýadygärligini ÝUNESKO-nyň  Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlenmegini bellemek bolar.

 

 

“Sarahs baba Abul Fazl piriň ömri – nesillere ruhy miras” atly ýaş taryhçylar duşuşygy – 09.12.2023ý. sagat 17:00 - da Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezinde geçirilýär.

 

 

Duşuşygyň geçiriljek ýeriniň salgysy: “Diller dünýäsidil merkezi Aşgabat ş. Ýunus Emre köçesi

 

 

Habarlaşmak üçin: +99362 30 26 61;  +99364 83 44 32