logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Sarahs etrabynda aýdym-sazly dabara geçirildi
  13.01.2023
1060
Sarahs etrabynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Sarahs etrabynyň Medeniýet öýünde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Ony etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary, etrap bilim we medeniýet bölümleri bilelikde gurady.

Medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň hünärmenleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleridir işjeň agzalarynyň, dili senaly ýaşulularyň we mährem eneleriň gatnaşmagynda bolan dabarada täsirli çykyşlara uly orun berildi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçmeginiň uly manysynyň bardygy, bu döwrebap şygaryň türkmen ýaşlarynyň watançylyk ruhuny has-da belende göterip, olarda uly üstünliklere hyjuw döredýändigi dogrusyndaky gürrüňe çykyşlarda aýratyn üns çekildi.

Etrabyň medeniýet bölümi tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar dabara baý mazmun goşdy. Halkymyzy eşretli günlere ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, berkarar Watanymyza, ajaýyp döwrümize bolan çäksiz buýsanç sungat çykyşlarynda aýdyň duýuldy.