logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Sarahs etrabynda aýdym-sazly dabara geçirildi
  01.06.2023
1189
Sarahs etrabynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Sarahs etrap merkezinde ýerleşýän seýilbagda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli etrabyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň, bilim işgärleriniň, çagalaryň ata-eneleriniň gatnaşmagynda şowhun-şagalaňa beslenen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ol ýere ýygnanan körpeleri gyzgyn gutladylar hem-de iň oňat arzuwlaryny beýan etdiler.

Dabarada çagalar baglaryndan gelen körpeler ata Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, bagtyýar çagalygy, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler, goşgulary okadylar. Dabaranyň dowamynda körpeler türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşdiler. Soňra baýramçylyk mynasybetli körpelere etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.