logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Sarahs etrabynda bäsleşik geçirildi
  10.03.2023
1028
Sarahs etrabynda bäsleşik geçirildi

Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky Çagalar sungat mekdebinde çagalar döredijilik toparlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny has-da dabaralandyrmak, zehinli çagalar döredijilik toparlaryny ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşik toý ruhuna eýe boldy.

Zehinli çagalardan düzülen döredijilik toparlary bäsleşigiň şertleri esasynda çykyş edip, milli aýdym-saz sungatymyza bolan söýgüsini görkezdiler. Olaryň belent ruha beslenen joşgunly çykyşlary milli sungatymyzy has-da ösdürjek nesliň kemala gelýändigini äşgär etdi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary we etrap medeniýet bölümi tarapyndan guralan bäsleşikde Çagalar sungat mekdebiniň hor topary ýeňiji boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň sowgatlary gowşuryldy.