logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Sarahs etrabynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär
  15.03.2023
862
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär

Sagdyn durmuş ýörelgelerini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen Sarahs etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary uly täsirlere beslenýär. Etrabyň jemagat hojalygy müdirliginiň, awtoulaglar kärhanasynyň, aragatnaşyk bölüminiň işgärleriniň arasynda guralan duşuşyklarda hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny gorap saklamak, keselleriň döremeginiň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek babatda edýän taýsyz tagallalarynyň ähmiýeti hakda giňden gürrüň edildi.

Milli ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza sarpa goýup, olary ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmegiň möhümdigi dogrusynda aýdylanlar gyzgyn goldaw tapdy.