logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Sarahs etrabynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  30.08.2023
607
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Sarahs etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, arçynlar, dili senaly ýaşulular gatnaşdy.

 


    Maslahatda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler, köptaraply özgertmeler barada gürrüň edilip, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, döredijilikli zähmet çekmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi, milli ýol-ýörelgelere sarpa goýmagy ugrunda edilýän tagallalara üns çekildi. Çykyş edenler türkmen ýaşlaryna daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi we geljekde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy babatynda-da giň şertlerdir mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn belläp geçdiler hem-de bu ugurdaky gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

 


    Işjeňlikde geçen wagyz-nesihat maslahatynyň dowamynda özara sorag-jogap alyşmalara giň orun berildi.