logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginde pagtaçylar üçin aýdym-sazly çäre guraldy
  11.10.2022
678
Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginde pagtaçylar üçin aýdym-sazly çäre guraldy

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde güýz paslynyň bereketli hasylyny ýygnamak üçin pagtaçy kärendeçiler arman-ýadaman zähmet çekýärler. Pagtaçy kärendeçileriň armasyny ýetirmek maksady bilen gazanýan zähmet üstünlikleriniň şanyna dürli medeni köpçülikleýin çäreler guralýar.

Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň meýdan düşelgesinde pagtaçy kärendeçileriň arasynda aýdym-sazly medeni çäre guraldy. Çärede etrap hassahanasynyň işgärleri zähmet adamlarynyň saglyklaryny berkitmekde özleriniň hyzmatlaryny we degişli maslahatlary berdiler. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan tapawutlanyp işleýän kärendeçilere, ýygymçylara, sürüjilere ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.