logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Sarahs etrabynyň Medeniýet öýünde usuly okuw maslahaty geçirildi
  14.05.2022
1003
Sarahs etrabynyň Medeniýet öýünde usuly okuw maslahaty geçirildi

Sarahs etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň guramagynda usuly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarydyr işgärleri gatnaşdy.

Usuly okuw maslahaty, edara-kärhanalaryň, daýhan birleşikleriň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda işleri döwrüň ruhuna we  talaplaryna laýyklykda guramak maksady bilen geçirildi. Maslahatda täsirli çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň barşynda, özara tejribe alşyldi hem-de öňde duran wezipeler kesgitlendi.