logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Sarahs etrabynyň pileçileri möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar
  18.05.2022
1121
Sarahs etrabynyň pileçileri möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar

Sarahs etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri şu ýyl 40 tonna çig pile taýýarlamagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasynda işler sazlaşykly alnyp barylýar. Kärhananyň hünärmenleri ýüpekçilerden gelýän çig piläni degişli talaplara laýyklykda kabul etmekde yhlasly zähmet çekýärler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işleriň gyzgalaňly alnyp barylýan günlerinde ýüpekçileriň armasyny ýetirip, möwsümiň öňdebaryjylaryny höweslendirýärler. Tapawutlanýan ýüpekçileriň arasynda etrabyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri Kümüş Bäşimowany, Gözel Rejebowany, Güljahan Berdiýewany, Jumagözel Jumadurdyýewany agzamak gerek. Agzalan ýüpekçiler etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hormat hatlaryna mynasyp boldular.