logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Sarahs etrap bilim bölüminde dabaraly duşuşyk geçirildi
  11.08.2022
1090
Sarahs etrap bilim bölüminde dabaraly duşuşyk geçirildi

Ýakynda, Sarahs etrap bilim bölüminde ýurdumyzyň ýokary we ýörite hünär okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap gelen ýaş hünärmenler bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga bilim bölüminiň hünärmenleri, mekdepleriň we çagalar baglarynyň müdirleri gatnaşdy.

Duşuşykda etrap bilim bölüminiň müdiri Babajan Satlykow çykyş edip, ýaş hünärmenleri okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, zähmet ýoluna gadam basmaklary bilen gutlady hem-de olara asylly işde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ýokary we ýörite hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň 47-siniň Sarahs etrap bilim bölüminiň ygtyýaryna ugradylandygyny bellemek gerek.