logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Sarahs etrap häkimliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  09.02.2023
909
Sarahs etrap häkimliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Sarahs etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen wagyz-nesihat maslahaty etrap prokuraturasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan guraldy. Oňa dürli pudaklarda, guramalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan maslahatda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň rowaçlanylyşy, bu ugurdaky milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi dogrusyndaky gürrüň maslahatdaky çykyşlaryň özenini düzdi. Çykyş edenler bu gün ýurdumyzda milli ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, döredijilikli işi, mähriban Watanymyza wepaly gulluk etmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigini, ýaşlar hakdaky hemmetaraplaýyn aladanyň olary täze belentlikleri eýelemäge ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň barşynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi bilen bagly gürrüňe hem ähmiýet berildi. Oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.